"TALYPLAR" SPORT KLUBY

“Berkarar Döwletiň Bagtyýarlyk döwründe, “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda, kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym - sporty söýüň! Sport güýç – gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr! Sporta söýgi durmuşa söýgüdir!” diýip nygtaýan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen taryhy ösüşleriň gazanylýan eýýamynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň hem uly ösüşlere eýe bolmagy üçin durmuşa geçirilen hem-de alnyp barylýan işleri dünýä nusgalyk diýip häsiýetlendirsek, diňe hakykaty sözledigimiz bolar. Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde sport döwleti diýip, ykrar edilmeginiň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyz il-ýurt, döwlet, umumadamzat bähbitli işleriniň örän köpdügine garamazdan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy bolsa diňe bir ýaş nesiller üçin däl-de, hemmeler üçin nusgalyk göreldedir. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň hemmetaraplaýyn ösen kämil, şahsyýet bolup ýetişmeginde bedenterbiýe durmuşyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda bedenterbiýe ýaşlarymyzy zähmete ukyply, hojalyk işlerinde işlemegi oňarjak, ata Watanymyzyň ar-namysyny gorap biljek şahslar edip ýetişdirmegi, özüniň esasy wezipeleriniň biri hasaplaýar. Geljekki hünärmenleriň ýokary hilli hünärmen, beden, ruhy taýdan çydamly adamlar bolup ýetişmegini göz öňünde maksat edinýär.

Berkarar Döwletiň ýokary okuw mekdepleri talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän ýaryşlarynda, bedenterbiýe türgenleşiklerinde, özara ýaryşlarynda, sportuň dürli görnüşleri boýunça iň ezber, tutanýerli ýaşlary öňe çykarmagy özüne maksat edinýärler. Bu ugurda saýlanyp çykarylýan talyplary hemişe üns merkezinde saklanylýandygy zerur hasaplanylýar we olar bilen hemişe yzygiderli işlemegi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziñ sporta dünýä arenasyna, başgaça aýdanymyzda Halkara bäsleşiklere ýa-da Olimpiýadalara çykmagynyñ esasy şerti bolup durýar. Elbet-de, bedenterbiýe sapaklary diñe bir sport ýaryşlarynda ýeñiş gazanmagy göz öñünde tutmaýarlar, ol esasy sazlaşykly ösen, zähmete bişişen, gujurly hem-de gaýratly şahslar terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinýär. Garaşsyz Bitarap Türkmenistanda şeýle adamlary kemala getirmek üçin ata-babalarymyzyñ iñ gowy däp-dessurlaryndan, milli oýunlaryndan ugur alyp, döwrüñ talaplaryna görä ruhubelent ýaşlary taýýarlamagy göz öñünde tutýar hem-de oña ähli mümkinçilikler döredilýär.

Uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary sport we bedenterbiýe çäreleri bilen meşgullanmaklary üçin häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän sport desgalary bar. Her ýylda olaryň durky täzelenýär, täze görnüşleri işe girizilýär.
  1. Futbol oýnamak üçin münber, oturgyçlar, ylgaw ýodalary, bezeg enjamlary bilen üpjün edilen 839 orunlyk futbol meýdançasy.
  2. Kiçi futbol, el pökgüsini oýnamak üçin 492 orunlyk, ölçegleri 50x30 m bolan meýdança.
  3. Basketbol, woleýbol oýnamak üçin 96 orunlyk, ölçegleri 20x30 m bolan meýdança.
  4. Tennis, woleýbol oýnamak üçin 100 orunlyk, ölçegleri 20x30 m bolan meýdança.
  5. 1 sany tennis oýnamak üçin 70 orunlyk kort.
  6. Basketbol, woleýbol, gandbol, kiçi futbol, tennis, kiçi tennis oýnamak üçin 164 orunlyk ýapyk sport toplumy.
  7. Milli göreş, sambo, dzýu-do, erkin göreş, greko-rim göreşi üçin, geýim çalyşmak, suwa düşmek üçin enjamlaşdyrylan sport toplumy.
  8. Trenažor bilen işlemek sport toplumy.

Uniwersitetiň talyplary sport klubynyň geçirýän ylmy-barlag işlerine hem işeňňir gatnaşýarlar, uniwersitetde we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy maslahatlarda habarlar bilen yzygiderli çykyş edýärler.

Uniwersitetiň rektorlygy, jemgyýetçilik guramalary talyplaryň sport klubynyň işine hemmetaraplaýyn kömek berýärler, sport klubyň geçirýän işleriniň netijeliligini, ony gowulandyrmagyň ýollary barada uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen ara alyp maslahatlaşylýar. Dünýä, Aziýa we Olimpiýa oýunlaryna uniwersitetimiziň talyplary Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň agzalary bolup Halkara ýaryşlaryna uly depginde taýynlyk görýärler. 2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-30-y aralygy Azerbeýjan döwletiniň Baku şäherinde Karate boýunça 9-njy Halkara ýaryşynda Gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kerwengeldi Atajanow baýrakly III-nji orna mynasyp boldy. 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-30-y aralygy Hindistan döwletiniň Nýu-Deli şäherinde Taekwan-Do boýunça Halkara ýaryşynda Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ejebaý Hajamanowa baýrakly III-nji orna mynasyp boldy. Türkmen milli göreşi, kuraş göreşi boýunça Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Togalakow Togalak, ÖHÖGI fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Begaliýew Daýanç. Erkin we greko-rim göreşleri boýunça Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Öwezmyradow Alymuhammet, Gidromeliorasiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Çaryýew Söhbet we şol fakultetiň 5-nji ýyl talyby Şamyradow Toýlymyrat. Uniwersitetiň “Hasyl” futbol, woleýbol talyplar topary Türkmenistanyň futbol we woleýbol boýunça Milli çempionatynyň I-ligasynda üstünlikli çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler.