Совет молодых ученых

Hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar maslahatynda ylym we bilim edaralarynda Ýaş alymlaryň geňeşlerini döretmek we onuň işini talaba laýyk ýola goýmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle-de “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipelerinden ugur alyp Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda döredilen Ýaş alymlar merkeziniň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 5 belgili hatyna laýyklykda 2017-nji ýylyň 24-nji fewralynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ýaş alymlar geňeşi döredildi.

Jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilýän geňeşiň maksady uniwersitetiň ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, zehinli ýaşlary ylmy-tehniki we gözleg işlerine çekmäge, olaryň täze açyşlara bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny doly derejede durmuşa geçirmegi, gözýetimlerini yzygiderli giňeltmegi, ýokary hilli bilim almagy, anyk netijeleri nazarlaýan ylym bilen işjeň meşgullanmagy, öňdebaryjy kämil tehnologiýalary özleşdirmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

S.A.Nyýzaow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça talyplar we ýaş mugallymlar ylmy barlag işlerini ýerine ýetirýärler.

Ýaş alymlar geňeşimizde alynyp barylýan işler ýaş alymlaryň ylmy bäsleşigine gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler. Bu okuw ýylynda uniwersitet boýunça ýaş alymlaryň ylmy işler boýunça bäsleşigine jemi 52 sany ylmy işler taýýar edilip tabşyryldy. Olaryň arasyndan iň gowy ýerine ýetirilen 13 sany ylmy işleri seljeriş topary tarapyndan uniwersitet derejesinde bäsleşik esasynda saýlanyldy we indiki döwlet derejesindäki tapgyra hödürlenildi. Olardan Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 4-nji ýyl talyby Amanow Kadyr “Oba hojalygynda ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşy” atly tema bilen bäsleşikde çykyş edip, baýrakly II orny, Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby Annaýew Annageldi “Damjalaýyn sowaryş usulynyň suwaryş düzgünini işläp düzmek” atly tema bilen bäsleşikde çykyş edip, baýrakly II orny, Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň “Epizootologiýa” barlaghanasynyň ylmy işgäri Taýew Merdan “Brusellýoz antigenini taýýarlamagyň biotehnologiki usullary” atly tema boýunça bäsleşigine gatnaşyp baýrakly I orny eýelediler we Hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgadyna mynasyp boldylar.

Şeýle hem Ylymlar gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň birlikde guramagynda geçirilen “Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşigine uniwersitetimizden birnäçe ylmy taslama işleri hödürlendi. Şolardan Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniň 5-nji ýyl talyby Allanazarow Akmyrat “Türkmenistanda süýtturşy sargan we dorag önümlerini gaplaýjy bölümiň taslamasy” atly ylmy taslama işi bilen I baýrakly orna mynasyp boldy.


DERS BÄSLEŞIGI

2019-2020-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşige uniwersitetimizden jemi 33 sany talyp 11 sany ugur boýunça gatnaşyp, olardan 31 sanysy baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýagny, talyp ýaşlarymyz bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, 10 sany üçünji orna, 11 sany ikinji orna we 10 sany birinji orna mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda biziň uniwersitetimiz bäsleşige gatnaşylan dersleriň we gazanylan ýerleriň sanyna görä gatnaşygy (kofisent) boýunça 1-nji orny, jemi alan ýerleriň sany boýunça bolsa, 3-nji orny eýelemegi başardy.

2020-nji ýylyň 22-23-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 3-nji Açyk Matematika Olimpiadasyna talyp ýaşlarymyz üstünliki çykyş edip 1 sany II orna we 1 sany III orna mynasyp boldular.

2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen 2-nji Açyk Grafika Olimpiadasyna uniwersitetimiziň talyplary 1 sany I orna 2 sany III orna mynasyp boldular.

2020-nji ýylyň 22-23-nji maýy aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnap geçiren II Açyk Internet Olimpiadasynda Fizika, Nazary mehanika, Himiýa, Ekologiýa we Informatika derslerinden talyplarymyz gatnaşyp, jemi 7 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan 2 sanysy I orna, 2 sanysy II orna we 3 sanysy III orna mynasyp boldular.

“Ýylyň talyby” bäsleşiginde uniwersitetimiziň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maldarçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby Jumanazarowa Aýjahan Bagtyýarowna gatnaşyp üstünlikli çykyş edip, II baýrakly orna mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda şu ýylky geçiriljek ders bäsleşigine-de talyplarymyz 13 ders boýunça taýýarlyk görýärler.