Maldarlar üçin gollanma

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alym, professor mugallymlarynyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesini özünde jemleýän we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen «Maldarçylygyň tohumçylyk işi we genofondy» atly okuw kitaby neşir edildi. Okuw kitabynda ýurdumyzda, şeýle hem dünýäde maldarçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýy, maldarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, bu pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri, maldarçylygyň dürli görnüşlerinde we tohumlarynda seleksiýa-tohumçylyk işini alyp barmagyň genetiki esaslary, seleksiýanyň esasynda mallaryň önümlilik we tohumlylyk alamatlaryny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara degişli ylmy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Kitap oba hojalygy ugrundan ýokary we ýörite orta hünär mekdeplerinde maldarçylyk hünäri boýunça okaýan talyplar, şol hünär boýunça okadýan mugallymlar we bu ugurda işleýän hünärmenler, ylmy işgärler, oba hojalykçylar we fermerler üçin niýetlenendir. Okuw kitabynyň awtorlarynyň biri hem S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň baýry mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Çary Hanazarowdyr. Ol bu okuw gollanmasynyň ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny has-da ösdürmekde, onuň işini ylmy esasda we döwrebap ýola goýmakda, kämilleşdirmekde, maldarçylyk ugrundan bilim alýan talyplaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen belleýär hem-de maldarçylykda dünýä tejribesini öwrenmäge we bu ugurdan bilim alýan ökde hünärmenleri ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýar.
BEREKETLI TOPRAK