Äpet pomidorlar ýetişdiriler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Jorjiýa we Gresiýanyň Afina uniwersitetiniň alymlary görnüşi boýunça has uly we suwly pomidor ýetişdirmegiň usulyny tapdylar. Munuň üçin olar degişli geni işläp taýýarladylar. Ösümlikler dünýäsinde ýa-da gündelik durmuşymyzda bolsun, parhy ýok, pomidor gök-bakja önümleriniň arasynda iň zerurlarynyň biri hasaplanylýar. Ýöne gök önümleriň beýleki görnüşleri ýaly, pomidor hem taryhyň dowamynda köp sanly özgerişlere sezewar bolupdyr. Gerek bolsa, pomidoryň «ata-babalary» hasaplanylýan ösümlikler oňa asla çalymdaş hem däl. Üstesine-de, bu özgerişlik henizem dowam edýär. Geçirilýän genetik gözlegler pomidoryň henize çenli mälim bolmadyk käbir syrlaryny hem ýüze çykarýar. Ynha, amerikan we grek alymlary birleşip, pomidoryň genine käbir özgertmeleri girizmegi başardylar. Alymlar pomidordaky üýtgeşmeleri onuň öýjüklerinden alyp gaýtmagy makul bildiler. Geçirilen barlaglaryň netijesi barada «PLOS Genetics» žurnalynda çap edilen makalada aýdylşy ýaly, pomidoryň gabygyndaky öýjükleriň göwrümini ulaltmak bilen, onuň tutuş ululygyna täsir edip bolýar. Şeýlelikde, pomidor adatdakylardan has iri we has etli bolýar. Elbetde, şeýle uly pomidoryň hyrydarlarynyň ýeterlik boljakdygy hemmä mälim hakykat.

Hydyr ORAZGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy