Bir özi 100 işi eder

Öz işlerini Kanadada alyp barýan tehnologiýa kompaniýalarynyň biri tarapyndan işlenip düzülen täze oba hojalyk roboty şeýle bir ukyply welin, onuň başarmaýan işi ýok. Hawa, ol ekini ekibem, tohumlandyrybam, dökünläbem, hatda hasyl ýygybam başarýar. Mehanizatorsyz oba hojalyk tehnikalary — traktorlardyr kombaýnlar indi juda bir uly täsinlik hem däl. Ýöne, ynha, DOT Power Platform diýlip atlandyrylýan robot tehnologiýasynyň bir özi ençeme işiň hötdesinden gelip bilýär. Adam däl diýäýmeseň, ol işine berlen «daýhan». Has takygy, bu robotyň aňyna oba hojalygy bilen bagly 100 işi ýerine ýetirmek guýuldy. Elbetde, ol munuň üçin gorag halkalary, «akylly» tigirler, heläkçiliklere garşy datçikler we sinhronizasiýa ulgamy bilen üpjün edildi. Täze roboty işletmek juda aňsat. Oňa etmeli işini degişli düwmeleriň üsti bilen tabşyrmak ýeterlik. Soň işleýşine seret-de otur! Kemini tapmarsyň. «SeedMaster» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen bu robotlaryň oba hojalygynda zähmet we tehnika boýunça edilýän çykdajylary 20 göterim azaltjakdygyna ynanylýar.
Maksatmyrat SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalygy uniwersitetiniň talyby