HALKYŇ EBEDI MIRASY

Türkmeniň gapysyny onuň ahalteke bedewinden we edermen, wepaly alabaýyndan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gözellikde, ýyndamlykda ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şanyna toýlanýan Türkmen bedewiniň milli baýramy hemde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaralar özboluşlylygy bilen ýokary ruhubelentlige beslenýär. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen asyrlar aşyp gelýän milli atşynaslyk ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň atşynaslyk we seýisçilik sungaty, ajaýyp ahalteke bedewi, edermen türkmen alabaýy ýaly dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyzyň kemala gelmegine ýardam edýär. Golaýda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde milli Liderimize Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagy ruhumyzy galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda türkmen atçylyk we seýisçilik hem-de milli itşynaslyk sungaty barha rowaçlanýar, uly meşhurlyga eýe bolýar. Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýynyň genefondunyň arassalygyny gorap saklamak, kämilleşdirmek, meşhurlygyny dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu möhüm ugurlarda sanly tehnologiýalardan birkemsiz baş çykarýan alym-atşynas hünärmenleri, atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ussat türgenleri we türkmen kinologlaryny taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tutumly başlangyçlary esasynda atçylyk sport toplumlarynyň durkunyň täzelenmegi, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna giren Akhan atly bedewimiziň ilkinji taýyna Aşgabat diýen adyň dakylmagy, meýdan atlarynyň ylmy taýdan düýpli öwrenilmegi, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, paýtagtymyzyň gözel künjeginde Türkmen alabaýynyň heýkeliniň oturdylmagy, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» we «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikleriň, sergileriň hem-de ylmy maslahatlaryň geçirilmegi milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpadan nyşandyr. Milli Liderimiziň tagallasy bilen milli itşynaslyk sungatyny ylmy esasda düýpli öwrenmek, onuň iň oňat tärlerini nesilden-nesle geçirmek we kämilleşdirmek, seçgi-tohumçylyk işinde milli we dünýä tejribesini peýdalanmak boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Häzirki döwrüň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýene bir şaýady bolan «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi türkmen itşynaslarynyň çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berilýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Gurluşyk taslamalarynda ähli mümkinçilikler we amatlyklar göz öňünde tutulan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň gurulmagy, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we Ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagy türkmen atçylyk we seýisçilik hem-de milli itşynaslyk ýörelgeleriniň ösüşiniň geljegini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitaplary talyp ýaşlaryň, hünärmenleriň ýankitabyna öwrüldi. Bu eserleriň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip, daşary ýurtly atşynaslaryň we itşynaslaryň hem arzyly kitaby bolup durýandygy uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çünki bu ajaýyp eserler türkmen atçylyk we milli itşynaslyk sungatynyň inçe syrlaryny, tärlerini we ylmy esaslaryny özünde jemleýän egsilmez hazyna bolup, milli gymmatlyklarymyza has çuň aralaşmaga giň ýol açýar.
Ýusup WELIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalygy uniwersitetiniň mugallymy