ÝYNDAMLYGYŇ — ÖSÜŞLERIŇ BADY

Mälim bolşy ýaly, 16-njy aprelde gözel paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu forumyň çäklerinde myhmanhananyň eýwanynda sergi guralyp, onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, halylar, zergärçilik önümleri, ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän fotosuratlar görkezildi. Şan-şöhraty müňýyllyklara dowam bolan ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli hazynasy, baýlygydyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Pederlerimiziň irginsiz zähmeti netijesinde, keremli türkmen topragynda kemala gelen we ajaýyp gözelligi, çeýeligi hem-de ýyndamlygy bilen gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr, türkmeniň buýsanjydyr, öý-ojagynyň ýaraşygydyr» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň at-owazasyny dünýä ýaýmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmäge ýokary ähmiýet berilýär. Bu ugurda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň bitirýän hyzmatlary we durmuşa geçirýän işleri örän uludyr. Bu assosiasiýanyň döredilenine şu ýyl on bir ýyl dolýar. Ol arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça anyk işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, agzalan düzümiň döredilen gününden bäri häzirki wagta çenli geçen döwürde assosiasiýanyň agzalarynyň alyp baran işleriniň netijesinde, ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany has-da artdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň milli baýlygy bolan türkmen bedewleriniň we alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde bellenilýär. Bu barada döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden taryhy çykyşynda aýratyn nygtap geçdi. Forumda taryhy çözgüt — hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakmak barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen hormatly at dakyldy. Munuň özi milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýan şöhratly halkymyz, ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň muşdaklary üçin hasda guwandyryjy waka boldy.

Altyngözel HANGULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalygy uniwersitetiniň talyby.