S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gazak-Nemes uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda 2021-nji ýylyň 30-31-nji martynda sanly ulgam arkaly online görnüşinde talyplaryň halkara bäsleşigi geçirildi

Zehinli talyplarymyzyň halkara derejesindäki geçirilýän olimpiadalarda gazanýan ajaýyp ýeňişleri milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň şaýatnamasyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, ýokary hünärli ýaş ylmy işgärleri-täze garaýyşly alymlaryň neslini taýýarlamak şol özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alymlaryň täze nesline innowasiýalar we ösüşler eýýamynda türkmen halkynyň öňünde durýan ägirt uly wezipeleriň çözülmegini üpjün etmek garaşýar. Bu ugurda maksada gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy netijesinde, bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, umumy kabul edilen ölçeglere kybap getirilýär. Bu bolsa ýaş nesillere ýokary hilli köptaraply bilim almaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda sebitde esasy meseleler hasaplanylýan “Suw serişdelerini utgaşykly dolandyrmak”, “Tebigatyň üýtgemegi we arassa energiýa” hem-de “Indusrilizasiýa, innowasiýa we infragurluş” ugurlary boýunça bellenen tertipde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 30-31-nji martynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gazak-Nemes uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda “Durnukly ösüşiň maksatlary” atly sanly ulgam arkaly online görnüşinde talyplaryň bäsleşiginiň ýurdumyz boýunça döwlet tapgyry geçirildi. Geçirilen bäsleşiginiň netijesinde, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojlayk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary tapawutlanyp öz başarnyklaryny görkezdiler we baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de bäsleşigiň Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde ýerleşýän Gazak-Nemes uniwersitetinde halkara derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Atanur Klyşow
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy