AÇYK GAPYLAR GÜNI

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 20-nji martda açyk gapylar güni geçirildi. Açyk gapylar gününe paýtagtymyzda bilim alýan, ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Açyk gapylar gününe gelen ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşmak bilen bir hatarda, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünarler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri hem-de medeni köpçülikleýin işleri barada giňişleýin maglumat topladylar. Açyk gapylar gününde ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem isleg bildiriýän ýaşlar onlaýn görnüşde ýokary okuw mekdebi bilen giňişleýin tanyşdylar. Esasan hem ýokary okuw mekdebinde hereket edýän birnäçe gurnaklar ýaşlarda uly täsirlenme galdyrdy.

Açyk gapylar gününe gelen mekdep okuwçylaryna ýokary okuw mekdebiniň döwletimizde we halkara derejesinde ýeten üstünlikleri hakynda giňişleýin gürrüň berildi. Çärä gelen ýaşlar ýokary okuw mekdebinde hereket edýän muzeýa, tikinçilik sehine, sport desgalaryna, kitaphana, ýokary okuw mekdebiniň çäginde ýerleşýän okuw-tejribe meýdançalaryna baryp gördüler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim alýan ýaşlaryň ýokary derejede ylym-bilim almaklary üçin, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlara bilim-terbiýe bermekde ýokary okuw mekdepleriniň paýy has-da uly bolup durýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinda geçirilen açyk gapylar gününiň netijesinde paýtagtymyzda we welaýatlarymzda bilim alýan bagtyýar ýaşlaryň Hormahtly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky edýän aladasyndan hyjuwlanyp döwrebap bilimiň eýesi boljakdygyny görüp bolýar. Şeýle açyk gapylar gününiň 17-nji aprelda we 15-nji maýda hem geçirilmekligi göz öňüne tutulýar.