OBA HOJALYGYNYŇ YKDYSADYÝETI WE DOLANDYRYLYŞY FAKULTETI

Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakulteti 1962-nji ýylda döredilen. Fakultetde 3 sany taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawr bilim derejeli oba hojalyk ykdysatçylary we programmaçy inženerler taýýarlanylýar:

  • Ykdysadyýet (oba hojalygynda) ;
  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) ;
  • Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) .

Taýýarlyk ugurlarynyň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulýan hünär derslerinden bilim berýän mugallymlaryň hünär başarnyklaryny netijeli peýdalanmak hem-de olaryň ylmy-pedagogik tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen, olar ylmy-barlag işlerine giňden çekilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi, ykdysatçylaryň hem-de buhgalterlaryň taýýarlanyşyna, täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. Ýaşlaryň ykdysadyýet, oba hojalyk hukugy, edara-kärhanalarda işleri guramak we dolandyrmak, ulgamlaýyn seljerme işlerini geçirmek, kompýuter-tehniki serişdelerinden we multimediýa enjamlaryndan netijeli peýdalanmak boýunça endiklerini kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykarýar.

Fakultetde alty sany kafedra hereket edýär: