AGRONOMÇYLYK FAKULTETI

Agronomçylyk fakulteti 1930-njy ýylda döredilen. Fakultetde 3 sany hünär we 1 sany taýýarlyk ugury boýunça bakalawr bilim derejeli alym agronomlar taýýarlanylýar:

  • Agronomçylyk;
  • Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy;
  • Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk;
  • Ýyladyşhana hojalygy taýýarlyk ugry (bakalawr).

Hünärleriň we taýýarlyk ugurynyň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulýan hünär derslerinden bilim berýän mugallymlaryň hünär başarnyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, olaryň ýerine ýetirýän işleriniň netijeliligine görä ylmy-barlag işlerine giňden çekilýär.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna şol sanda oba hojalygyna täze innowasion tehnologiýalaryň we ylym-barlag işleriniň ornaşdyrylmagy, alym agronomlaryň döwrebap taýýarlanma-gyny talap edýär. Ýaşlaryň oba hojalyk pudagynyň edara kärhanala-rynda işleri guramak we dolandyrmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, ýokary we durnukly hasyl almak boýunça hünär endiklerini kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykarýar.

Fakultetde üç sany kafedra hereket edýär: