S.A. NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy we dokma senagaty pudagy üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebidir.

Uniwersitet özüniň esaslandyrylan ýylyndan bäri (1930ý.) ýokary bilimli agronomlaryň, maldarlaryň we mal lukmanlarynyň, gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy boýunça inženerleriň, ykdysatçylaryň, buhgalterleriň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýji inžener-tehnologlaryň, dokma we ýeňil senagaty boýunça hünärmenleriniň onlarça müňüni taýýarlady.

Uniwersitetiň kafedralarynda tejribeli professor-mugallymlar döwrebap hünärmenleri taýýarlamagy özüniň esasy maksady edinip, döredijilikli zähmet çekýärler. Olaryň düzüminde birnäçe Türkmenistanyň Ussat mugallymlary, ylymlaryň doktorlary we kandidatlary, tejribeli professorlar, dosentler we uly mugallymlar bar.

Uniwersitetde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň „John-Deere“ we “Caterpillar” hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Claas” kompaniýalarynyň okuw merkezleri açylyp, ol ýerde talyplara häzirki zaman kuwwatly we ýokary öndürijilik bilen işleýän oba hojalyk tehnikalaryny dolandyrmagyň hem-de tehniki ideglerini ýerine ýetirmegiň çylşyrymly syrlary öwredilýär.

Uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygynda alymlaryň, professor-mugallymlaryň we talyplaryň bilelikde ylmy-barlag hem-de tejribe-synag işlerini geçirmek üçin zerur şertler döredilen.

Uniwersitetiň garamagynda Botanika bagy, Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezi, Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkezi hereket edýär. Bu merkezlerde talyp ýaşlar bilen geçirilýän nazary okuwlary we ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleri önümçilik bilen giňişleýin utgaşdyrylýar.

Aşgabat şäherinde, Mary we Lebap welaýatlarynda uniwersitetiň Agrosenagat orta hünär okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň oba hojalyk we dokma senagaty pudaklary üçin, ýörite orta hünär bilimli döwrebap hünärmenler taýýarlanylýar.

Uniwersitetde häzirki zaman kompýuter-tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan okuw binalary, ähli ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilen umumy ýaşaýyş jaýlary, merkezi naharhana, talyplar hammamy, durmuş hyzmatlaryny edýän nokatlar, abzallaşdyrylan ýapyk we açyk sport meýdançalary, uly we kiçi mejlishanalar, internet ulgamy, okuw-ylmy we çeper edebiýatlary özünde jemleýän kitaphana, giň okalga zaly, elektron okalgasy, taryhy we haýwanat muzeýleri, saglygy goraýyş gullugy talyplaryň hyzmatynda.

Talyplar esasy okuw sapaklaryndan boş wagtlary uniwersitetde geçirilýän dürli sport ýaryşlaryna, döredijilik bäsleşiklerine we “Altyn asyr” medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň işine işjeň gatnaşýarlar.

Uniwersitetiň fakultetlerinde aşakdaky hünärler we taýýarlyk ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar:

  • Agronomçylyk
  • Agrohimiýa we topragy öwreniş
  • Ösümlikleri goramak
  • Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk
  • Ýüpekçilik
  • Tokaý we seýil bag hojalygy
  • Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy
  • Ýyladyşhana hojalygy
  • Agroekologiýa
  • Weterinar lukmançylygy
  • Zootehniýa
  • Atçylyk
  • Senagat balykçylygy
  • Kinologiýa
  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)
  • Ykdysadyýet (oba hojalygynda)
  • Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda)
  • Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek
  • Melioratiw işleri mehanizmleşdirmek
  • Ýer gurluşygy we kadastry
  • Tebigy süýümleri egirmek
  • Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy
  • Mata önümçiligi
  • Pagtanyň ilkinji işlenilişi
  • Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek
  • Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek
  • Ösümlik ýagyny öndürmek
  • Dänäni gaýtadan işlemek
  • Gidromeliorasiýa
  • Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak)












KITAPHANA

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň, halkara ölçeglerine laýyk derejede ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly döwrebap hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryny birkemsiz durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilen. Kitaphanada 110 orunlyk okalgasyndan başga-da, döwrebap kompýuter programmalary esasynda gurnalan 50 orunlyk elektron okalgadan, şeýle hem ýokary tizlikli internet ulgamyndan professor-mugallymlarymyz we talyplarymyz bökdençsiz peýdalanýarlar. Şeýle hem, okuw ýylynyň dowamynda kitaphananyň elektron okalgasynyň işini kämilleşdirmek we ýurdumyzyň bilim edaralarynyň elektron kitaphanalarynyň bitewi ulgamyny döretmek hem-de ony internet ulgamyna birleşdirmek babatda alnyp barylýan taýýarlyk çäreleri bilen bir hatarda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça zerur bolan işler yzygiderli geçirilýär. Uniwersitetde okuw sapaklaryny giňişleýin özleşdirmek we ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işlerinde peýdalanmak üçin 500 müňe golaý kitap gaznasy bolan kitaphanada ähli döwrebap şertler döredilen. Uniwersitetiň kitaphanasynyň umumy gory täze neşirden çykan dürli ugurly döwrebap edebiýatlar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar.

"HAÝWANAT DÜNÝÄSI" MUZEÝI

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bilim alýan talyp ýaşlaryň döwrebap, öz hünärlerine ökde kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Talyp ýaşlara döwrebap, kämil, çuňňur bilim bermekde we berlen nazary bilimlerini olaryň aňynda berkitmekde uniwersitetimiziň “Haýwanat dünýäsi” muzeýiniň örän uly ähmiýeti bar. Muzeýiň baý muzeý gymmatlyklary bolup, özüniň taryhyny geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Muzeýde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklaryň içinde geçen asyryň başlaryna senelenýänleriň onlarçasynyň bolmagy ylmy tarapdan ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Muzeýde diňe bir ýurdumyzyň haýwanat dünýäsiniň görnüşleriniň gäpleri bolman, dünýäniň beýleki ýurtlarynda duş gelýän görnüşleriň bolmagy we olaryň türkmençe, latynça, rusça atlarynyň bilelikde berilmegi muzeýiň amaly hem-de ylmy gymmatlygyny has-da ýokarlandyrýar.Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň “Haýwanat dünýäsi” muzeýiniň Baş bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen tebigaty bilen baglanyşykly düşen fotosuratlary, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki eserleri ýerleşdirilendir. Türkmen tebigatynyň goraglylygyny hemişe üns merkezinde saklaýan Mähriban Arkadagymyzyň “Tebigata aýawly we hakyky eýeçilik gözi bilen garamak kämil jemgyýete tarap alyp barýan esasy ýollaryň biridir” diýip belläp geçen ajaýyp jümläniň türkmençe, iňlisçe, rusça görnüşlerinde ýerleşdirilmegi muzeýiň her bir daşary ýurtly myhmanlarynda, talyp ýaşlarynda, mekdep okuwçylarynda ýakymly täsirler galdyrýar. Muzeý gymmatlyklarynyň ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini oýarmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.“Haýwanat dünýäsi” muzeýiniň Guşlar bölüminde ýurdumyzda hasaba alnan we daşary döwletlerde duş gelýän uly, orta we kiçi göwrümli suw, suw-batgalyk, tokaý we açyk giňişlikleriň 100-den gowrak guşlarynyň gäpleri ýerleşdirilendir. Muzeýiň Ýyrtyjylar, Ýarganatlar, Primatlar bölüminde – ýurdumyzyň çäginde we daşynda gabat gelýän degişli wekilleriň, Muzeýiň suwda, ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýrenijiler bölüminde ýurdumyzda hasaba alnan degişli wekilleriniň gäpleri ýerleşdirilendir.

PATOLOGIKI ANATOMIÝA MUZEÝI

Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasyndaky Anatomiýa we Patologiki anatomiýa muzeýleri 1933-nji ýylda döredildi we 1991-nji ýylda olaryň durky täzelenip, täze okuw binasyna göçürildi. Muzeýleriň içinde talyplara döwrebap bilim bermek üçin gerek bolan preparatlar we dürli mallaryň ystyhanlary ýerleşdirilen. Anatomiýa muzeýinde dürli mallaryň ystyhanlarynda süňk bölekleriniň ýerleşişi, olarda myşsalaryň gan damarlarynyň, nerw süýümleriniň we içki agzalaryň topografiki ýerleşýän ýerleri takyk görkezilen. Anatomiýa muzeýi kafedranyň mugallymlarynyň okadýan dersleri boýunça tejribe sapaklaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. Patologiki anatomiýa muzeýiniň esasy maksady talyplara haýwanlaryň beden agzalarynda we dokumalarynda dürli kesellerde döreýän morfologiki üýtgemeleri öwretmek we olara häzirki zaman morfologiki usullary bilen kesgitleme (diagnoz) goýmagy özleşdirmegi gazanmakdan ybarat. Muzeýde Ýokanç kesellerden: gara mallaryň tuberkullýoz, brusellýoz, salmonellýoz, paratuberkullýoz, garasan, agsyl, guşlaryň mama, nýukasl keselleri, dowarlaryň bradzot keseli, enterotoksemiýa keseli we beýlekiler. Inwazion kesellerden: ýasy, lenta şekilli, togalak gurçuklar, gan parazitleriniň döredýän keselleri we beýlekiler. Ýokanç däl kesellerden: atrofirlenen, distrofirlenen agzalar, şeýle-de ýürek-gan damar ulgamlarynyň, madda çalşygynyň bozulmalarynda, iýmit siňdiriş, dem alyş we peşew bölüp çykaryjy agzalarynyň we beýleki keseller bilen kesellän mallaryň içki agzalaryndan taýýarlanan patologiki preparatlar ýerleşdirilen. Bu muzeýler geljekki weterinar hünärmenlerini taýýarlamakda wajyp orny eýeleýärler.

TIKINÇILIK SEHI

2012-nji ýylda Tikin önümçiligi kafedrasyna degişli tikinçilik gurnagy işe girizilip, 2-sany laborantlaryň halypaçylyk etmeginde 20-30-sany talyp bilen guragyň işi ýöredilip başlanýar. Tikinçilik gurnagynyň işi giňeldilip, häzirki wagtda 40-50 sany talyplar okuwdan boş wagtlary gurnaga gatnap, tikiniň inçe syrlaryny öwrenýärler. Ülňileri çyzmak, ýerine ýetirmek, biçmek, nagyşlamak, tikmek ýaly işleri talyp gyzlar we oglanlar uly höwes bilen kafedranyň müdiri, uly mugallym Gyzylgül Paltaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde we mugallym Güljehre Karaýewa, laborant Maýa Ylýasowa halypaçylyk etmeginde ýerine ýetirýärler. Tikinçilik gurnagynda häzirki wagtda 20-sany “Juki” firmasynyň göni tikini ýerine ýetirýän naýça sanjym tikin maşyny, 2-sany “Janome” firmasynyň bürjeýji maşyny, 1-sany “Gemse” firmasynyň bürjeýji maşyny, 8-sany “Janome” firmasynyň 350 E kysymly bir iňňeli nagyş maşynlary, 5-sany “Janome” firmasynyň 450 E kysymly bir iňňeli nagyş maşynlary, 2-sany “Juki” firmasyny MB-4 kysymly dört iňňeli nagyş maşynlary ulanylýar. Talyplar bu tikin maşynlaryny erkin ulanmak bilen sökmek, bejermek, ýaglamak ýaly işlerini hem bu gurnakda öwrenýärler we özbaşdak ýerine ýetirmegi başarýarlar. Şeýle-de bu gurnakda kafedranyň mugallymlarynyň halypaçylyk etmeginde talyplar döwrebaplaşdyrylan modaly egin-eşikleri tikip, taýýarlap, bezeg işlerini ýerine ýetirip, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň döwrebap lybaslary döretmek boýunça zehinli modelýer-dizaýnerleriň arasynda geçirilen “Çeper eller” atly bäsleşigine gatnaşyp, 2017-nji ýylyň 4-nj iýunynda 3-nji oruna mynasyp bolandygy sebäpli, “Şahadatnama” bilen, 2018-nji ýylyň 28-nji maýynda höweslendiriji “Şahadatnama” bilen, 2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda bolsa, bäsleşigiň baş baýragyna “ÝYLYŇ DIZAÝNERI” adyna mynasyp boldylar.